Kitaply nesil – bagtly nesil




Gahryman Arkadagymyz kitabyň adamyň döreden täsin gudratydygyny, ynsanyň özünden soňky nesillerine goýjak bahasyna ýetip bolmajak mirasdygyny nygtaýar. Kitap mukaddesligi nesilleriň arasyndaky baglanyşygy üpjün edýän köprüdir. Çagalaryň ata-babalarymyzyň kämillik mekdebinde kemala gelmekleri üçin olarda kitaba bolan söýgini ösdürmek zerurdyr. Kitap okaýan maşgalada terbiýelenen çagalaryň hem kitaba söýgüsi uly bolýar. Şonuň üçin ýaşlara görelde bolmak, olarda kitaba sarpa goýmak, okamak endiklerini ösdürmek, ilkinji nobatda, ulularyň, ene-atalaryň, terbiýeçilerdir mugallymlar bilen bir hatarda kitaphanaçylaryň öňünde uly borç bolup durýar.
«Kitaphanalar ýurduň ýeten medeni-bilim derejesini, ilatyň ruhy-ahlak düşünjesiniň ösüşini görkezýär. Şoňa görä-de, biziň halkymyz bu gymmatlyklara hemişe uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Sebäbi kitap okamagy söýýän halk özüni bagtly saýypdyr» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar.
Mälim bolşy ýaly, çagalykda okalan kitap ömürboýy ýadyňda galýar hem-de çaganyň mundan beýläk hem kämilleşmegine oňaýly täsirini ýetirýär. Şoňa görä-de, çagalar kitaphanalarynyň şeýle hem mekdep kitaphanalarynyň biri-birleri bilen ysnyşykly iş alyp barmagy, kitaphana bilen mekdebiň arasynda ýakyn aragatnaşygyň bolmagy möhüm ähmiýete eýedir. Sebäbi kitaphanaçy çagany diňe okyjy hökmünde tanaman, çaganyň gyzyklanýan ugurlaryny kesgitlemekde hem orny ýokary bolýar. Kitaphanaçy kitaplaryň çagalarda täze-täze bilimlere bolan isleg-talaplary oýarýandygyna oňat düşünýär.
Kitaphanaçylyk işini ösdürmekde bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza biz, kitaphana işgärleriniň alkyşlary çäksizdir.

Gülşat AMANBERDIÝEWA