Döwlet Kitaphanasy Bilen Bilelikde Geçirlen Maslahaty


Bitaraplygymyzyň 25 Ýyllygy Mynasybýetli Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Aşgabat Şäher Komiteti We Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Döwlet Kitaphanasy Bilen Bilelikde Geçirlen Maslahaty



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň ilkinji partiýa guramasy hem-de Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti tarapyndan bilelikde “Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” ýylyna bagyşlanyp, maslahat geçirildi.

Onda Bitaraplygymyzyň gazanan netijeleri barada şeýle-de, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda uly işleri durmuşa geçirmekde hemmämiziň mukaddes borjumyzdygy nygtaldy.

Döwlet kitaphanasynda ençeme ýyllap, tapawutly işlän kitaphana işgärleriniň birnäçesine höweslendiriji sowgatlary gowşuryldy.