“Zenanyň sesi – zeminiň sesi”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda “Zenanyň sesi – zeminiň sesi” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Ajaýyp zamanamyzda dünýä ýurtlary we abraýly guramalary bilen alnyp barylýan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde ýurdumyzda gender syýasaty babatda hem anyk wezipeler durmuşa geçirilýär. Söhbetdeşlikde çykyş edenler taryhymyzyň ähli döwürlerinde halkymyzyň enelere, gelin-gyzlara sarpasy, hormat-sylagy egsilmän “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hem halkymyzyň şeýle asylly ýörelgeleri döwrebap derejede dowam etdirilýändigi şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Rusiýanyň halklaryny uzak ýyllaryň dowamyndaky dostlukly gatnaşyklary ýakynlaşdyrýan bu gatnaşyklaryň has ýygjamlaşmagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Rusiýanyň zenanlarynyň Aşgabat Dialogyna uly ähmiýet bermegi kanunalaýyk ýagdaýdygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda häzirki zaman dünýäsinde gender deňligini gazanmak meselesiniň barha giň gerime eýe bolmagy bilen, zenanlar üçin deň hukuklary we mümkinçilikleri üpjün etmek tutuş dünýäde, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýandygyny belläp geçdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda halkyna bagtyýar ýaşaýşy bagyş edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.