«Dünýäň ýüzi kitap bilen açylýar» kitap hepdeligi


Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna täze gelip gowşan kitaplar



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy 2020-nji ýylyň ýanwar aýynyň 13-den 20-si aralygynda 20016 harby bölümiň şahsy düzüminiň gatnaşmagynda Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanyp «Dünýäň ýüzi kitap bilen açylýar» atly kitap hepdeligi geçirildi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň çuňňur watansöýüjilige, edermenlige we gahrymançylyga ýugrulan hem-de parasatly ündew-nesihatlary, sargytlary ýerleşdirilen kitaplaryny gündelik işimizde gollanma hem ýörelge edinip, Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň we harby bölümiň kitaphanasy bilen bilelikde Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Watan goragçylary baradaky kitaplaryndan sergi gurnaldy.