“Nowruz geldi, ýaz geldi, dünýäme owaz geldi”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Nowruz geldi, ýaz geldi, dünýäme owaz geldi” atly aýdym-sazly baýramçylyk çärä geçirildi.
Çärede Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, diýarymyzda milli däp-dessurlarymyzy dikeltmek ugrunda alnyp barylýan taýsyz tagallalaryň netijesinde türkmen halky her ýylyň 21-22-nji martynda Milli Bahar baýramynyň çäklerinde Halkara Nowruz güni uly dabara bilen giňden belläp geçýänligi, gadymy Nowruz baýramynyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini özünde jemleýändigi, bu baýramy biziň ýurdymyzdan başga-da, goňşy döwletleriň birnäçesinde giňden bellenilýäligi dogrusynda, baýramçylygyň bellenilýän günlerinde türkmeniň milli tagamlaryndan semeni, zagara, köje, talhan, kürtük ýaly tagamlar hem Nowruz baýramynda türkmen saçagynyň bezegi bolýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda 1-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde Nowruz baýramyny wasp edýän birnäçe aýdym-sazlary,ýerine ýetirdiler.
Çäräniň ahyrynda Milli däp-dessurlarymyzy açyp görkezmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçinTürkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy Milli bahar baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar,olaryň janlarynyň sag, il bähbitli ýurt ähmiýetli alyp barýan işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.