“Watan waspy dillerde”
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar
ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bilelikde gurnamagynda “Watan waspy dillerde” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Milli Liderimiziň paýhasly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde häzirki döwürde milli mirasymyzy, medeniýetimizi ösdürmekde aýratyn üns berilýändigi we baý milli mirasymyzy gorap saklanylmagy, bütin dünýäde giňden wagyz edilýändigi hem-de geljekki nesillere ýetirilmegi ugrunda giň möçberli çäreleriň durmuşa geçirilýändigi barada ginişleýin gürrüň etdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda başy başlanan 2022- nji ýylda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyzda halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça işler sazlaşykly alnyp barylýandygy, Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri, ata Watanymyzy gülletmekde öňde goýýan belent maksatlarynyň durmuşa geçirilýändigi dogrusynda söhbet etdiler.
Çäräniň ahyrynda milli gymmatlyklarymyzyň, baý mirasymyzyň sarpasyny belentde tutýan Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag başynyň dik, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.