“Pyragy hem Arkadag ömrümize şamçyrag”


“Pyragy hem Arkadag ömrümize şamçyrag”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Gyşky oýunlar sport toplumynda “Pyragy hem Arkadag ömrümize şamçyrag” ady bilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Çärede häzirki ajaýyp döwrümizde türkmen medeniýetiniň, sungatynyň ösüş aýratynlyklaryny çuňňur öwrenmekde, has-da kämilleşmegini täze derejelere ýetmegini üpjün etmekde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda uly işler alnyp barylýandygyny belläp geçdiler. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň ajaýyp goşgulary dünýäniň ençeme dillerinde terjime edilendigi, şahyryň nusgawy döredijiliginiň äleme ýaýylýandygyny, dünýäniň okyjylarynyň ünsüni özüne çekýändigini we şahyryň nusgawy döredijiliginiň äleme ýaýylýandygy barada gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň aýdym-saz toparynyň ýerine ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdymlar ýaňlandy.

Çäräniň ahyrynda nusgawy edebiýatymyzyň ylmy esasda öwrenilmegine giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.