Millilik - halkymyzyň mizemez gymmatlygy


Millilik - halkymyzyň mizemez gymmatlygy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda «Millilik - halkymyzyň mizemez gymmatlygy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä halklarynyň senetçilikde, amaly-haşam sungatynda gazanan üstünlikleri tutuş adamzadyň öçmejek baýlygy bolup durýanlygy, bu bolsa gadymy türkmen topragynyň deňi-taýy bolmadyk haýran galdyryjy meşhur halylaryň, şaý-sepleriň, zergärçilik külalçylyk sungatynyň türkmen halkynyň sungat derejesine göterilen senetçiligi, milliligi we özboluşlylygy bilen meşhur amaly-haşam sungaty dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolup durýanlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.