“Arzuw eden döwletiň bu gün boldy berkarar, Gahryman Arkadagly türkmen halky bagtyýar”


“Arzuw eden döwletiň bu gün boldy berkarar, Gahryman Arkadagly türkmen halky bagtyýar”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Arzuw eden döwletiň bu gün boldy berkarar, Gahryman Arkadagly türkmen halky bagtyýar” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Çärede çykyş edenler Magtymguly Pyragy mähriban halkymyzyň merdana ogullarynyň hatarynda il-günüň, eziz Watanyň, mukaddes topragyň abadançylygy, parahatçylygy arzuw eden beýik şahyrdyr diýip bellediler. Ol il-günüň şatlygyny-gussasyny deň paýlaşmak bilen erkana döwlet gurmak baradaky parasatly pikirleri döwrüň has çylşyrymlydygyna garamazdan, batyrgaýlyk bilen öňe sürmegi başaran şahyrdygy, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy öz eserlerinde çeper sözüň güýjüniň mizemezligi bilen türkmen halkyny bir döwlet gurmaga, bagtly jemgyýeti döretmäge çagyrýandygy, şahyryň goşgularynyň ýaşlary terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolup durýandygy barada gürrüň berdiler we Beýik Akyldaryň birnäçe goşgularyndan okadylar.
Çäräniň ahyrynda Ata Watanymyzy beýik ösüşlere besleýän, parahatçylyk dörediji merkeze öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.