“Arkadagly zamananyň bagtyýar nesilleri”
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen ata-babalarymyzyň “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýen pähimine eýerip, halkymyzyň biragyzdan islegi netijesinde täze 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýen şygar bilen atlandyrylmagy mynasybetli duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň “Berkarar döwlet islärin...” diýip arzuwlan zamanasyny durmuş hakykatyna öwüren Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyşlar beýan edildi. Kitaphanamyzyň hünärmenleri kitap söýüji, ýaşajyk okyjylarymyz bilen bilelikde täze 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýen şygar bilen atlandyrmak baradaky teklibi tüýs ýürekden goldap, uly buýsanç bilen öz seslerini goşdular.
Duşuşyga gatnaşanlaryň ýüreginiň her bir urgusy “Halkym” diýip urýan, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin belent maksatly beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren ajaýyp zamanasynda ýaşamak, bilim almak, işlemek, döretmek her bir türkmen raýaty üçin uly bagt, bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygy barada aýratyn nygtadylar.
Şeýle mümkinçiliklerden ruhlanyp, Watanymyzyň geljegi bolan bagtyýar nesillerimiz, kitap söýüji ýaşlarymyz, körpeje okyjylarymyz hem Mähriban Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerine goşgudyr, aýdymlaryň üsti bilen çaga kalplaryndan çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.