Sport sagdynlygyň gözbaşy


Sport sagdynlygyň gözbaşy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde «Sport sagdynlygyň gözbaşy» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan hem-de gönüden-göni ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy häzirki zaman milli saglygy goraýyş ulgamynyň kemala gelmegi üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Uzak möhleti nazarlaýan hem-de giň gerimli bu maksatnama ugurdaş beýleki toplumlaýyn çäreleriň, köpçülikleýin bedenterbiýe, sagaldyş, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine hem ýol açylýandygyny, Watanymyz sagdynlygynyň we ruhubelentliginiň, beden we ruhy taýdan kämil adamlaryň ýurduna öwrülýär diýip giňişleýin nygtadylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.