Magtymguly Pyragy - ynsanyýetiň şahyry


Magtymguly Pyragy - ynsanyýetiň şahyry

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň «Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi» hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda:

«Magtymguly Pyragy türkmenleriň şahyry, dünýä halklarynyň şahyry, tutuş ynsanyýetiň şahyry» diýip bellän parasatly jümlesinden ugur alyp, 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiriljek Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň dilçi talyplaryna türkmen halkynyň beýik danasynyň şygryýetiniň dünýä dillerindäki terjimelerini, neşirlerini tanyşdyrmak maksady bilen ýurdumyzda ilkinji açylan «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO klubynyň işjeň agzalary we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylary bilen «Magtymguly Pyragy - ynsanyýetiň şahyry» atly kitap sergisini we tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň dilçi talyplary iňlis, koreý, hytaý, pars, italýan, fransuz, nemes, ispan, rus, ýapon, arap, hindi dillerinde çykyş etdiler. «Magtymguly Pyragy - ynsanyýetiň şahyry» atly göçme sergide Magtymguly Pyragynyň dürli dillerde we dürli ýyllarda neşir edilen kitaplary goýuldy. Bu gün Magtymgulynyň pähim-paýhasa eýelenen eserleri türki dilli we dünýä ýurtlarynda jebisligiň, dost-doganlygyň aýdymy bolup belentden belent ýaňlanýar.