Pyragynyň keşbi bilen adygan
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň halk artisti Hommat Müllügiň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli «Pyragynyň keşbi bilen adygan» atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda görnükli artistiň gysga, emma manyly ömründe tomaşaçylaryň ýadyndan çykmajak ilhalar keşpleriň ençemesini döredendigi, birnäçe spektakla režissýorlyk edendigi, şeýle-de kino sungatynda-da öz zehini doly äşgär edendigi uly buýsanç bilen nygtaldy. Esasan-da, onuň «Magtymguly» filminde Magtymguly Pyragynyň akylly, dana, parasatly keşbini ussatlyk bilen döredendigi barada hünärmenimiz bilesigeliji ýaşlara gyzykly maglumatlary aýdyp berdi. Ussadyň döredijiligine bagyşlap gurnalan sergi hem aýratyn gyzyklanma döretdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, nusgawy edebiýatymyzy ösdürmäge goşant goşan ussatlarymyzyň döredijiligini ýaşlara giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.