“ Gadymy senet – müdimi senet” atly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebiniň okuwçylary bilen milli däp-dessurlarymyz şeýle-de türkmen halkynyň gadymy senetçiligi barada “Gadymy senet – müdimi senet” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimize, sungatymyza, medeni mirasymyza goýulýan çäksiz hormat, sarpa barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinde häzirki wagta çenli öz gymmatyny ýitirmän gelen milli senetçiligi, el hünäri barada gyzykly söhbet edildi. Mekdebiň höwesjeň gyzlary hem öz elleri bilen keşdelän nagyşlaryndan, işen alajalaryndan düzülen el işleriniň sergisi bilen tanyşdyrdylar. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan sergi hem okuwçylarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.