“Çagalaryň söýgüli şahyry”- Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kaýum Taňrygulyýewyň doglan gününe bagyşlanyp geçirilen edebi ertirlik
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy
ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki 131-nji orta mekdepde “Çagalaryň söýgüli şahyry”- atly edebi ertirlik geçirildi. “Watana bolan söýgüsi üçin” medalyň eýesi,
şeýle-de Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, ol çagalar edebiýaty Geňeşiniň Halkara baýragyna – Hormatly Gans Hristian Anderssen diplomyna we Mongoliýa ýaşlar soýuzynyň “Ýaş nesliň öňdebaryjy terbiýeçisi nyşanyna hem mynasyp bolan Türkmenistanyň halk yazyjysy Kaýum Taňrygulyýew häzirki zaman çagalar edebiýatynyň ösüşi üçin uly goşant goşandygyny sanap oturmagyň geregi ýok. Ol hemişe çagalaryň arasynda, çagalaryň dünýäsinde.
Çagalaryň dünýäsi-päkize hyýallaryň, tämiz arzuwlaryň dünýäsi. Şahyryň eserlerinde ata-watana, ene-ata, hünäre-käre söýgi, dört paslyň alamatlary, umuman ene topragyň adam bilen badaşandygyny, oňa aýawly garamak ýaly pikirler çaganyň duýgy düşünjesine görä ussatlyk bilen beýan edilýär.
Bu edebi ertirlik şahyrymyz Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kaýum Taňrygulyýewyň doglan gününe bagyşlap geçirildi. Edebi ertirligimizde şahyrymyza bagyşlap sergi gurnaldy.
Nusgawy, ýazyjy şahyrlarymyza uly hormat goýýan Mähriban Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!