“HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ NUSGALYK ESERLERI- BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY” ATLY SÖHBETDEŞLIK
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy
ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen hormatly Prezidentimiziň ýiti galamyndan syzylyp çykan kitaplary barada “Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk eserleri-beýik ösüşleriň gözbaşy” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada aýratyn nygtaldy. Şeýle-de ol eserleri okan ýaşajyk okyjylarymyzda ata Watana, ene topraga bolan söýginiň döremeginde hem-de olarda arassa ahlaklylyk, halallyk, dogruçyllyk, rehimdarlyk, adalatlylyk ýaly oňat gylyk-häsiýetleriň terbiýelenmeginde görelde mekdebidigi barada täsirli gürrüňler edildi.
Gurnalan göçme kitap sergisi bilesigeliji okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.