,, ARKADAGYŇ KITAPLARY KÖŇÜLLERIŇ KELAMY”


,,ARKADAGYŇ KITAPLARY KÖŇÜLLERIŇ KELAMY”



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň türkmen lukmanlarynyň hünär baýramçylygyna hem-de türkmen halkyna peşgeş beren "Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri " atly köp jiltli kitabynyň 14-nji jildiniň kitaphanamyza gelip gowuşmagy mynasybetli söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenimiz bu gymmatly eserde öz beýanyny tapan dermanlyk ösümlikler, olaryň suratlary, biologik aýratynlyklary, dermanlyk ähmiýeti, himiki düzümi, taýýarlanyşy we ulanylyşy barada berlen anyk we takyk maglumatlar barada giňişleýin gürrüň etdiler. Kitaphananyň okyjylary hem öz gezeginde bu ajaýyp eseriň her-bir jildinde görkezilen dermanlyk ösümlikleriň peýdasy barada gyzykly gürrüňler berdiler.

Geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzda gurnalan “Saglygym-baş baýlygym” atly kitap sergisi söhbetdeşlige gatnaşan okyjylarda uly täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň adyna, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň adyna ak ýürekden alkyş sözleri aýdyldy.