«Gadamyň batly bolsun täze ýylymyz!» atly söhbetdeşlik geçirildi


«Gadamyň batly bolsun täze ýylymyz!» atly söhbetdeşlik geçirildi



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ylham» seýilgähinde «Gadamyň batly bolsun täze ýylymyz!» atly Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlige gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler şeýle-de döwlet derejesindäki milli baýramçylyklarymyz, şanly senelerimiz, türkmen halkyny bir supranyň başyna jemleýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň her bir gününi, her bir ýylyny altyn harplar bilen ýazyljak möhüm wakalara besleýän halkymyz Täze — 2024-nji ýylyň bosagasynda dur. Täze ýyl halkymyzyň bereketli saçagyna täze bir durmuş lezzeti, ýaşaýyş süýjüligi bolup goşuljakdygy barada söhbet edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýetip gelýän Täze 2024-nji ýylymyzyň hem tamamlanyp barýan ýylymyz ýaly rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.