“Şygyrlary ýüreklerde ýer alan şahyr”


“Şygyrlary ýüreklerde ýer alan şahyr”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Ata Atajanowyň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlap, “Şygyrlary ýüreklerde ýer alan şahyr” atly sergi gurnaldy we çeper okaýyş geçirildi.
Çärede nusgawy edebiýatymyzda öçmejek yz goýan görnükli şahyrymyzyň ömri we döredijiligi barada we onuň şygyrlarynyň duýgular dünýäsiniň täsinligi, pikir we pelsepe gözýetiminiň durmuşylygy, çeperçiliginiň nepisligi barada giňişleýin aýdylyp geçildi.
Çäräniň dowamynda kitaphanaçylar tarapyndan ussat şahyryň döreden goşgularynyň birnäçesi esasynda sorag-jogap alyşdylar. Gurnalan kitap sergisi hem okyjylarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň döreden ajaýyp eserlerini okyjylara ýetirmekde uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.