«Sagdyn durmuş – sagdyn ruh»
Döwlet kitaphanasynda «Sagdyn durmuş – sagdyn ruh» ady bilen kitaphana işgärleriniň arasynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýazan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik ensiklopedik kitaplary hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Bilşimiz ýaly, biziň eziz diýarymyzyň juda baý gözel tebigaty, derde–derman ösümlikleri bar. Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp kitaplarynda ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsi, olaryň dermanlyk häsiýetleri, ýaýrawy, himiki düzümi hakynda giňişleýin gürrüň berilýär. Döwlet kitaphanamyza gelýän okyjylarymyzyň hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik kitaplary iň soraglanýan eserleriniň biridir. Söhbetdeşligiň soňunda bolsa çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, ajaýyp kitaplarynyň bolsa, sanynyň köp bolmagyny arzuw etdiler.