Elektron kitaphanalaryň ýokary mümkinçilikleri


Elektron kitaphanalaryň ýokary mümkinçilikleri



Elektron kitaphanalardan peýdalanýanlaryň köpelmegi olaryň ähmiýetini hasda artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň anyk we ylma esaslanýan başlangyjy esasynda Diýarymyzdaky kitaphanalaryň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagy, şeýle hem ähli ugurlara degişli ylmy we çeper edebiýatlary elektron görnüşe geçirmek işleri güýçli depginde alnyp barylýar.
Ýurdumyzda elektron kitaphanalarynyň köpelmegi, olardaky edebiýatlaryň hem-de maglumatlaryň baýlaşmagy, internet arkaly halkara kitaphana ulgamyna birikmek mümkinçiligi, ylmyň dürli pudaklarynda işleýän türkmen alymlaryna, dürli kärdäki hünärmenlere gerek bolan kitaplaryň we döwürleýin neşirleriň dünýä döwletlerinden alynmagy bu ugurdaky döwrebap işleriň aýdyň netijeleridir. Ylmy we çeper edebiýatlar, metbugat eserleri kitaphanalarda jemlenilip, jemgyýetiň maglumat talaplaryny kanagatlandyrýar. Tehnologiýalaryň şeýle tiz ösýän döwründe elektron kitaphanalar maglumat saklamagyň ygtybarlylygyny artdyrýar. Elektron kitaphanalar maglumatlary, edebiýatlary saklaýjy we habar beriş ulgamy bolup, ol maglumatlaryň elýeterliligini döretmäge hem-de giňeltmäge niýetlenilendir. Şeýle hem bu ulgam maglumat gözlegini gysga wagtda amala aşyrmaga, internet ulgamyndan erkin peýdalanmaga şert döredýär. Internet ulgamyna birikdirilen elektron kitaphana öz habar beriş çeşmelerini islendik ulgam bilen baglanyşdyryp bilýär.
Elektron kitaphanalar köpsanly resminamalary saýlamaga ýa-da köpsanly maglumatlaryň içinden köpugurly gözlegi amala aşyrmaga, şeýle -de maglumatlary uly göwrümi bilen işlemek mümkünçilikleri döredýär. Maglumatlary kagyza çap etmek, göçürmesini almak, bellibir bukjada saklamak ýa-da sanly ulgamyň üsti bilen olaryň elektron nusga- syny başga ýere ugratmak ýaly mümkinçilikler elektron kitaphananyň ozalky kitaphana ulgamyndan düýpli tapawutly tarapydyr. Elektron kitaphanalar neşirleriň az mukdarda çap edilenligi, maglumatlary saklar ýaly meýdanyň ýetmezçiligi, kitaplaryň aýawly saklanylmagy ýaly meseleleriň çözgüdini ýeňilleşdirýär. Ýiten, zaýalanan edebiýatlary, resminamalary täzeden dikeltmek mümkinçiliklerini döredýär. Döwrebap tehnologiýalaryň ösmegi bilen häzirki wagtda ses we şekil ýazgylary kitaphana ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa elektron kitaphanalardan kitaplary, maglumatlary dürli görnüşde almagyň elýeterliligini üpjün edýär.

Täzegül MÄMEDOWA