Bitaraplyk — türkmen halkynyň buýsanjy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi


Bitaraplyk — türkmen halkynyň buýsanjy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk — türkmen halkynyň buýsanjy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Watanymyzda Halkara Bitaraplygymyzyň giňden bellenilip geçilmegi, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak halkara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmek esasy ýörelgeleriň biri bolup durýanlygy barada belläp geçdiler.

Halkara Bitaraplyk — bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymat bolup hyzmat edýär. Bu bolsa häzirki wagtda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden gelip çykýan aýdyň wezipeler dünýäde ählumumy parahatçylygyň pugtalanmagynda, durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.