Garaşsyzlyk – halkymyzyň şöhrat-şany


Garaşsyzlyk – halkymyzyň şöhrat-şany



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli «Garaşsyzlyk – halkymyzyň şöhrat-şany» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllary içinde ata Watanymyzyň durmuş- ykdysady ösüşiniň täze sepgitlerine tarap yzygiderli öňe barýandygy, halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygy, alnyp barylýan içeri we daşary syýasatymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanýanlygy, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk senesi we onuň şöhratly ýeňişleri bütin dünýä röwşen nuruny çaýýanlygy barada giňişleýin çykyş etdiler. Çärä gatnaşan talyplar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň waspyny goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.