Gahryman Arkadagymyzyň – “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy ensiklopedik kitabynyň 14-nji jiltiniň tanyşdyrylyş dabarasy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy ensiklopedik kitabynyň 14-nji jiltiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitabynyň many-mazmuny hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, onuň biziň gözel tebigatymyza, onuň baý ösümlik dünýäsine bolan söýginiň has hem ýaş nesillerimiziň aňyna guýmakdaky ähmiýeti hakynda durup geçdiler.
Tanyşdyryş dabarasynyň çäklerinde, “Arkadagyň kitaplary pähim-paýhas çyragy” ady bilen giň möçberde kitap sergisi guraldy. Kitap sergisinde hormatly Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy ensiklopedik kitabynyň şeýle hem bu gymmatly kitabyň daşary ýurtlarda terjime edilen nusgalary goýuldy.
Çykyş edenler dabaranyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy ensiklopedik kitabynyň höwrüniň köp bolmagyny şeýle hem, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza jan-saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerinde rowaçlyklary arzuw etdiler.