Ýaş nesillerimiz - ak ertirimiz


Ýaş nesillerimiz - ak ertirimiz

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynda «Ýaş nesillerimiz - ak ertirimiz» ady bilen 1-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylaryna gezelenç gurnady.

Günsaýyn gülläp ösýän ajaýyp döwrümizde ýurdymyzyň ösüşleri, döwrebap bilim özgertmeleri biziň her birimizi buýsandyrýar. Şeýle ösüşli günlerimizde hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar-Watanyň daýanjy» atly kitaby biziň elimize gelip gowuşdy. Bu ajaýyp kitap, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi terbiýelemekde gymmatly gollanma bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky jaýdar pikir-garaýyşlary çuňňur many-mazmuna eýe bolup, ýaş nesilleri bilim öwrenmäge, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmaga ruhlandyrýar. «Ýaşlar-Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eserde beýan edilýän nesihatlary ýaşlarymyzyň arasynda wagyz etmek asylly däbe öwrüldi. Bu ajaýyp kitap ylym-bilimi ösdürmekde, nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp gymmatlykdyr. Bu parasatly pikirlerde nusgalyk ýol, beýik ýörelge bar. Şonuň üçin hem bu nusgalyk ýoly öwrenmek siz ýaşlar üçin mukaddeslik, buýsanç hem-de uly borç bolup durýar diýip, ýaşlar baradaky beýan edilen dür-däneler barada gürrüň berdiler.

Türkmen halkynyň eşretli ýaşamagy ugrunda uly aladalar edýän, ýaş nesillerimize okamaga, döretmäge giň mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk sözlerini beýan etdiler.