Dünýä dolýar Pyragynyň paýhasy, Arkadag Serdarly döwrüň sarpasy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenhaly Döwlet birleşiginiň, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda «Dünýä dolýar Pyragynyň paýhasy, Arkadag Serdarly döwrüň sarpasy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler her halkyň geçmişde döreden gymmatlyklary bolýar. Dünýä medeniýetiniň baý hem genji-hazynasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň hem çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserleri, agzybirlik, sahawatlylyk hakyndaky pikirleri, öwüt-ündewleri türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan kämilligine, halkymyzyň häzirki we geljek nesilleriň ruhy sagdynlygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasyny düzýär diýip giňişleýin gürrüň berdiler.