Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly kitaby esasynda wagyz-nesihat çäresi.
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda 131-njy orta mekdepde Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly kitaby esasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, alym Arkadagymyzyň döredijilik zehininiň miwesi bolan “Ömrümiň manysy” atly täze kitabynyň okyjylar köpçüligine gowuşmagy, bu eseriň many-mazmuny, milli ähmiýeti barada gürrüň edildi. Bu ajaýyp filosofiki eser özüniň terbiýeçilik gymmaty bilen tapawutlanýandygy, kitapda beýan edilýän paýhas ummany her bir okyjynyň ünsüni özüne çekýänligi barada Gahryman Arkadagymyzyň täze filosofik eserinde toplan bilimini we baý tejribesini seljerip, olary umumylaşdyrmak bilen, ruhy kämillik, her bir adamy belende göterýän oňat gylyk-häsiýet we ýagşy niýet meselelerine aýratyn üns berýänligi barada giňişleýin gürrüň berildi. Çünki şeýle kitaby okap, manyly ömrüň eýesi bolasyň gelýär.
Bu eser milletiň asyrlar boýy toplap gelen baý milli medeni durmuş tejribesine düşünmäge hem uly ýardam berýär.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.