Geljek siziň bilen-bagtly çagalar
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda «Geljek siziň bilen-eziz çagalar» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde ýaş nesilleri watansöýüji, arassa ahlak, belent adamkärçilikli, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli adamlar edip ýetişdirmekde, olaryň kitaba söýgüsiniň örän uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi.
Ýurdumyzyň kitaphanalarynda döwrebap iş usullaryndan nusgawy edebiýatymyzyň terbiýesi bilen bagly, pähim-parasatly pikirlere baý bolan dürdäneleri, halk döredijilik eserleri, şol sanda gyzykly ertekileri, rowaýatlary, ýazyjy-şahyrlaryň eserleri döwrebap derejede, ýokary hilli çap edilip, kitaphanalaryň kitap gory has baýlaşdyryldy. Bu bolsa kitaba gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň däl, eýsem, has kiçi ýaşdaky okyjylar üçin hem bahasyna ýetip bolmajak uly baýlykdyr.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiz hakynda edilýän uly aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.