“Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr”


“Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň, Neşirýat çaphana orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Çärede ähli döwürleriň şahyry hasaplanýan Magtymguly Pyragynyň ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň gazananlaryny akyl-paýhas eleginden geçirip dür dänesi kimin, çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgularynyň ynsan kalbynda baky orun alandygyny, dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy agzybirligi, ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny, onuň döredijiliginiň, ýaş nesli terbiýelemekde, edep öwretmekde, olary halal zähmete ugrukdyrmakda täsiriniň uludygyny belläp geçdiler. Şeýle-de, Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soňra şahyryň döredijiligini öwrenmäge giň mümkinçilikleriň döredilendigini bu ugurda birnäçe işleriň amala aşyrlandygyny we dowam etdirilýändigini buýsanç bilen bellediler.

Çäräniň dowamynda şahyryň goşgy setirleri, onuň aýdyma öwrülen şygyrlary ýerine ýetirildi. Şeýle-de, şahyryň döredijiligine bagyşlap, “Magtymguly sözüň bilene sözdür” atly gurnalan göçme kitap sergisi bilen hem tanyşdyryldy.

Çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň arzuwlan döwletiniň, ajaýyp zamanasynyň abraý- mertebesini tug deýin belentde göterip, ýagty geljege sary ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.