«Magtymguly Pyragynyň döredijiligine sarpa» atly söhbetdeşlik geçirildi
17-nji oktýabrda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat toplumynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň döredijiligine sarpa» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Baýry kitaphana işgärleri Gülşat Gurbanowanyň, Dürnabat Baýlakowanyň, teležurnalist Aýgül Garryýewanyň hem-de «Garagum» žurnalynyň jogapkär kätibi, žurnalist Nurtäç Annamuhammedowanyň gatnaşmagynda geçirilen söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dana Pyragynyň köpöwüşginli döredijiligini öwrenmäge berýän uly ünsleri hem-de akyldar şahyrymyzyň dostlukly halklaryň dillerine terjime edilen goşgularynyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi.