“Aşgabat gözelligiň şäheri” atly döredijilik duşuşygy


“Aşgabat gözelligiň şäheri” atly döredijilik duşuşygy



Türkmenistanyñ Ýaşlar guramasynyň Köpetdag etrap geňeşligi we Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy bilen bilelikde ýaňy-ýakynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebinde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Aşgabat gözelligiň şäheri” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri okyjylarymyz bilen gözel paýtagtymyzyň taryhy, şu günki gözel keşbi barada täsirli gürrüňler etdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.