“Sagdyn jemgyýet – sagdyn durmuş”


“Sagdyn jemgyýet – sagdyn durmuş”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 72-nji orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Sagdyn jemgyýet – sagdyn durmuş” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. м Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwletimiziň Saglygy goraýyş ulgamy uly ösüşlere eýe bolandygy, “Saglyk” döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, lukmançylyk ylymyny ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýe – sagaldyş hereketlerini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek babatynda uly işler durmuşa geçirilýändigi dogrusynda şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopedik kitaplarynda ynsan saglygyny goramakda möhüm bejeriş ähmiýeti bolan ösümlikleriň häsiýeti, peýdalanylyşy we derman taýýarlanylyşy hem ulanylyşy barada täsirli gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda halkymyzyň bagtyýarlygy, saglygy barada bimöçber alada edýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.