“Gündogarda doglan parlak ýyldyz”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda türkmen akyldary Möwlana Jelaleddin Rumynyň doglan gününiň 815 ýyllygyna bagyşlanyp “Gündogarda doglan parlak ýyldyz” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Çärede çykyş edenler Jelaleddin Rumynyň dürdäne şygryýetinde her bir adamy öz pähim parasadynyň datly miwesiniň hözirini görüp ýaşamaga çagyrýandygyny, adamzada adam bolup ýaşamagyň altyn açaryny beren beýik akyldaryň her bir ynsanyň öz içki kämilligini, ynsan gözelligini gazanmakda, Ýer ýüzünde agzybirlikde hem dost-doganlykda ýaşamagyň gadyr-gymmatynyň paýhas täjini bagyş edendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle hem beýik söz ussadynyň parasatlylyk jygasyny arzylanyp hem aýap saklandygyny nygtadylar we akyldaryň “Mesnewi” eseri barada durlup geçilip, ony Gündogar edebiýatynyň ösüşine ýetiren täsiriniň güýji hem il içinde meşhurlygy babatda Firdöwsiniň “Şanamasy” Saadynyň “Gülüstany” hem Hafyzyň diwany bilen bir hatarda goýulandygyny, dünýäde ýaşap, döredip geçeli bäri asyrlar geçenine garamazdan onuň ýalkymly ömrüne, geljekki nesillere galdyran dürdäne mirasyna bolan gyzyklanmanyň barha artýandygyny we 2007-nji ýyl ÝUNESKO tarapyndan Möwlana Jelaleddin Rumynyň ýyly diýlip yglan edilendigini hem buýsanç bilen ýatladylar.
Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.