“Arkadagly Serdar bilen öňe barýar Türkmenistan”


“Arkadagly Serdar bilen öňe barýar Türkmenistan”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy hem-de Gypjak, Ýasmansalyk medeniýet öýleriniň bilelikde gurnamagynda “Arkadagly Serdar bilen öňe barýar Türkmenistan” wagyz-nesihat çäre geçirildi.

Wagyz-nesihatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni toýdur-baýramlara beslenýändigi, ýurdumyz ösüşleriň-özgerişleriň mekany, şeýle ösüşi türkmen halkyna peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri bu günki günde has-da rowaçlanýandygy, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri halkymyzda Watana bolan söýgüni berkidýändigini, işlemäge, beýik ösüşlere goşandyňy goşmaga ruhlandyrýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.