“Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy” atly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda “Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi hem-de kitap sergisi gurnaldy.
Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy ýurdumyzda bellenilýän “Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni” bilen gutladylar.
Çykyş edenler Mähriban Arkadagymyzyň medeniýet, sungat barada ýazan gymmatly eserleri dogrusynda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň kitaplary, dürli ugurlarda ýazylan şygyrlary hakynda täsirli söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň soňunda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize döredip berýän mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini aýtdylar.