«Milliligiň gymmaty»


«Milliligiň gymmaty»



Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti barada çagalaryň arasynda «Milliligiň gymmaty» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda bu eserde milli Liderimiziň halkymyzyň gadymyýetden gelýän däp-dessurlary, milli ýörelgeleri bilen baglanyşykly parasatly oý-pikirleriniň giňişleýin beýan edilýändigi barada aýratyn nygtaldy. Bu ajaýyp eseriň halkymyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmek, ony aýawly saklamak, giňden wagyz etmek hem-de geljekki nesillere ýetirmek babatda gymmatly hazynadygy barada täsirli gürrüňler edildi.
Hünärmenlerimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitapda bar bolan rowaýatlaryň, tymsallaryň birnäçesini bilesigeliji okyjylarymyza okap berdiler.
Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaba çuňňur sarpa goýýan hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.