“Aşgabadym – göwün şadym”


“Aşgabadym – göwün şadym”



Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli “Aşgabadym – göwün şadym” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri bilesigeliji okyjylarymyz bilen gözel paýtagtymyzyň taryhy, şu günki gözel keşbi barada täsirli gürrüňler etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň ak şäherimizi dünýäniň iň döwrebap hem-de nusgalyk şäherleriniň birine öwürmek babatda ýadawsyz işleriniň netijesinde gözel şäherimiz Aşgabadyň ak mermere beslenip, ençeme binalarynyň, desgalarynyň, suw çüwdürimleriniň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi baradaky täsin maglumatlar çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Höwesjeň okyjylarymyz hem merjen şäherimizi wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.