“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly-ajaýyp günlere beslensin”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirlen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 53-nji orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly - ajaýyp günlere beslensin” atly wagyz –nesihat çäresi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kämil nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar. Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaşlaryň kämil bilim almagyna, döredijilikli zähmet çekmegine, ata Watanymyza ak ýürekden gulluk etmegine uly mümkinçilikler döredilýär.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary bilen geçilen 2023-nji ýylda ylym-bilimi ösdürmäge, kämil hünärmenleri kemala getirmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar baradaky tagallalar olaryň kämil hem-de watansöýüji bolmaklary üçin durmuşa geçirilýän işler barha rowaçlanýar. Olaryň kämil dünýägaraýyşlaryna ýokary baha berilýär. Şonuň üçin hem ýaşlar ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly hünärmenler bolup ýetişýändikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.