«Saglyk – bagtyýar durmuşyň gözbaşy»


«Saglyk – bagtyýar durmuşyň gözbaşy»



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Aşgabat şäheriniň 11-nji Saglyk öýüniň bilelikde gurnamagynda «Saglyk- bagtyýar durmuşyň gözbaşy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Bu çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň umumy ylmy ugurly bolmak bilen bir hatarda, aň-düşünjäni artdyrýan peýdaly maglumatlary özünde jemleýändigi we bu kitabyň köp sanly okyjylar köpçüligine, halkymyzyň baý medeni mirasynyň bir bölegine ýakynlaşmaga hem-de türkmen tebigatyny öwrenmäge ýardam edýänligi, şeýle-de jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy netijesinde kadaly iýmitlenmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, arassa howada hereket etmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyň adata öwrülendigi we saglygy goraýyş ulgamynda ynsan saglygyny goramak baradaky alada esasy wezipeleriň hatarynda bolup, sagdyn jemgyýetiň esaslanmagyna aýdyň ýol açýandygy barada täsirli gürrüň berdiler.