“Magtymguly Pyragy-akyldar şahyr, beýik söz ussady”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragy-akyldar şahyr, beýik söz ussady” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Döredijilik duşuşygynda gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri halkyň kalbynda hemişelik orun alandygyny, dana Pyragynyň çoh garaşan ajaýyp eýýamy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda hasyl bolýandygyny, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öňe sürülýan watançylyk, agzybirlik, ynsanperwerlik ýörelgelerini giňden wagyz etmek biz medeniýet, döredijilik işgärleri üçin hem mukaddes borç bolup durýanlygy, çünki ýaş nesilleriň kalbynda Watana wepalylygy kemala getirmekde, ajaýyp döwrümize, bagtyýar durmuşymyza söýgi döretmekde medeniýet we sungat işgärleriniň öňünde uly wezipeler durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny, watansöýüjilik ýörelgelerini giňden wagyz etmäge, dünýä tanatmaga döredýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.