“Aşgabat-ynsanperwerlik ýörelgeleriniň mekany”


“Aşgabat-ynsanperwerlik ýörelgeleriniň mekany”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140-ýyllygy mynasybetli “Aşgabat-ynsanperwerlik ýörelgeleriniň mekany” atly aýdym-sazly dabaraly çäre geçirdi.
Çärede çykyş edenler Ata Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140-ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda alnyp barylýan işler dogrusunda, gülläp-gül açýan gözel Aşgabadymyzyň baýramçylyk toýuna görülýän taýýarlyklar hakynda gyzykly gürrüň etdiler. Döredijilik işgärleriniň mermer paýtagtymyz Aşgabadyň gözelligini taryp edip okan goşgulary çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Sungat işgärleriniň Ak şäherimiz Aşgabat hakynda aýdan aýdymlary çäräniň has täsirliligini artdyrdy.