“Hasyl – toýy berekediň nyşany”


“Hasyl – toýy berekediň nyşany”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Hasyl – toýy berekediň nyşany” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe her bir günümiz toý-baýramlara beslenýär. Gazanylan ýeňişler mynasybetli tutulýan toýlaryň dabarasy dag aşýar. Halkymyzyň öňden gelýän dessurlaryna esaslanyp bereket bolçylygyň agzybirlikli zähmetiň şanyna tutulýan Hasyl toýy ýylyň-ýylyna bolşy ýaly Diýarymyzda uly şatlyk şowhun bilen geçirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen mukaddes topragymyzda bol hasyl alýan babadaýhanlarymyza päk zähmetiniň miwesini görmage, bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda bereketli türkmen topragynda ýokary hasyl almagy başarýan edermen babadaýhanlarymyza çekýän zähmetiniň hözürini görüp bagtyýar durmuşda ýaşamak üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.