“Milli medeniýetiň güllän zamany, arzuwlan zamanaň geldi Pyragy”


“Milli medeniýetiň güllän zamany, arzuwlan zamanaň geldi Pyragy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Bagtyýarlyk etrabynyň Täze zaman medeniýet merkezi bilen bilelikde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Milli medeniýetiň güllän zamany, arzuwlan zamanaň geldi Pyragy” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Döredijilik duşuşygynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä döwletleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň medeniýet günleriniň geçirilmegi ilkinji nobatda medeniýet, sungat ussatlarynyň birek-biregiň medeniýeti, sungaty bilen ýakyndan tanyşmaklaryna oňyn şertler döredilmegi, her bir halkyň medeniýeti, sungaty şol halkyň ruhy derejesini açyp görkezýär. Ruhy ýakynlyk halklary ysnyşykly gatnaşyklara atarýar. Ysnyşykly gatnaşyklar bolsa doganlyk gatnaşyklarynyň özenini düzýändigi, şeýle-de medeniýet we sungat halklaryň dostlukly gatnaşyklaryna ýol açýan güýç bolup hyzmat edýändikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen medeniýetini we sungatyny dünýä ýaýmaga, gadymy hem müdümi mirasymyzy çuňňur öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.