“Döredijiligiň, joşgunyň, ylhamyň baýramy”


“Döredijiligiň, joşgunyň, ylhamyň baýramy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener–tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde gurnamagynda “Döredijiligiň, joşgunyň, ylhamyň baýramy” ady bilen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli wagyz-nesihat geçirdi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň baý medeni we edebi mirasyny öwrenmekde, ony baýlaşdyrmakda, şu günki we geljekki nesillere ýetirmekde alnyp barylýan işler bu günki günde oňyn netijelerini görkezýändigi şeýle-de türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine näçe çuň aralaşdygyňça, onuň setirleriniň syrly ýumagy paýhaslar älemine alyp gidýän şahyryň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýetiniň örän uludygy barada giňişleýin çykyş edildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň inžener–tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary milli medeniýetimizi, Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän goşgular bilen çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.