“Asuda Watanyň bagtyýar çagalary ” atly döredijilik duşuşygy
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy
ýaňy-ýakynda “Aşgabat” binalar toplumynda öz okyjylary bilen “Asuda Watanyň bagtyýar çagalary” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri ýaşajyk okyjylarymyz bilen Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn, berk bedenli adamlar bolup ýetişmegi üçin döredilip berilýän mümkinçilikler barada täsirli gürrüňler etdiler. Şeýle-de “Aşgabat” binalar toplumyna gezelenç etdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Geçirilen duşuşyga “Aşgabat” teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.