“Halk döredijiligi - milli ruhuň kämilligi” atly söhbetdeşlik


“Halk döredijiligi - milli ruhuň kämilligi” atly söhbetdeşlik



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy öz okyjylary bilen türkmen milli oýunlary barada “Halk döredijiligi- milli ruhuň kämilligi” atly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan, ata-babalarymyzdan bize miras galan halk döredijiliginiň dürli görnüşleri, olaryň köp dürlüligi, aýratynlygy barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan milli oýunlaryň çaga terbiýesindäki ähmiýeti barada hem hünärmenlerimiz bilesigeliji okyjylarymyza gyzykly maglumatlary aýdyp berdiler.

Zehinlije çagalar özara pikirli oýunlaryň dürli görnüşleri ýagny, tapmaçalaryň, matallaryň dogry jogabyny bilmek, ýaňyltmaçlary çalt we dogry aýdyp bermek esasynda özara bäsleşdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar çagalaryň röwşen geljegi üçin uly aladalar edýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.