Milli buýsanjymyz – bedewler


Milli buýsanjymyz – bedewler

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary bilen «Milli buýsanjymyz – bedewler» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnaldy.

Söhbetdeşlikde ýurdumyzda ahalteke bedewlerimize berilýän ünsi barada giňişleýin gürrüň edildi. Sap ganly ahalteke bedewlerimizi saklamakda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän tagallalaryna köp sag bolsunlar aýtdylar.