Bagtyýar geljegiň şöhraty bedew


Bagtyýar geljegiň şöhraty bedew

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Bagtyýar geljegiň şöhraty bedew» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Geçirilen çärede çykyş edenler ahal-teke bedewlerimiziň owadanlykda, çeýelikde, arassa ganlylygy bilen dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň täze belentliklere göterilendigi, pederlerimizden miras galan seýisçilik sungatynyň döwrebap derejede ösdürilýändigi, ýurdumyzda her ýylda Türkmen bedewiniň milli baýramyny giňden dabaraly ýagdaýda bellenilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň dowamynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary bedew baýramçylygy mynasybetli behişdi bedewlerimizi wasp edýän birnäçe goşgulary labyzly, çeper okadylar.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.