«Ýeňiş gününiň aýdymlary»


«Ýeňiş gününiň aýdymlary»



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda bellenilen meýilnama esasynda maý aýynyň 6-na Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde Beýik Ýeňşiň 75 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli «Ýeňiş gününiň aýdymlary» atly aýdym-sazly duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Watan üçin şirin janyny orta goýan gerçekler barada şeýle-de tylda zähmet edermenligini görkezen gyz-gelinler, ýetginjekler barada täsirli gürrüňler edildi. Duşuşygyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde uruş ýyllarynyň aýdymlary ýaňlandy. Şeýle-de mekdebiň göreldeli okuwçylary Watanymyzy wasp edýän ajaýyp goşgulary labyzly aýdyp berdiler. Kitaphananyň gurnan göçme kitap sergisi okuwçylarda uly täsir galdyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda Watan gerçeklerini hormatlap, olaryň mertebesini has-da belent derejelere ýetirýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.