Bereketli Türkmen saçagy


Bereketli Türkmen saçagy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Täze zaman medeniýet öýünde Milli bahar baýramy mynasybetli Magtymguly adyndaky Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň garamagynda kitaphanalaryň arasynda «Bereketli türkmen saçagy» ady bilen bäsleşik geçirildi.

Bu bäsleşigiň esasy maksady Halkara Nowruz baýramynda taýýarlanýan türkmen milli tagamlarymyzy taýýarlamakda türkmen gelin-gyzlarymyzyň çeperliligini, ezberliligini, maksada okgunlylygyny saçak bezemekde türkmeniň däp-dessurlarynyň ýerine ýetirilişinde öz ukyplaryny ýüze çykarmakdan ybarat bolup, Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň garamagyndaky kitaphanalaryň hünärmenleri Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Köpetdag, Büzmeýin etraplary boýunça türkmen saçagyny bezemek we onuň waspyny ýetirmek boýunça 3 şert esasynda özara bäsleşdiler we baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Çäräniň ahyrynda bäsleşige gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni egsilmez joşguna, toý-baýrama, rowaçlyklara beslenýän asuda ýurdumyzda ähli amatly şertleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.